Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy

08:4417.11.2017
0
5926

16-njy noýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan guralan bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Milli bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, birnäçe ministlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşda 2030-njy ýylyň Ählumumy gün tertibine laýyklykda saglygy we zenanlaryň hukugyny goramak meselelerine aýratyn üns berildi. Ol “hiç kim unudylmaly däldir” diýen ýörelgäni esasy ugur edinýär.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Ýelena Panowa duşuşyga gatnaşyjylara aýdan gutlag sözünde UNFPA-nyň strategik ugrunyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, hususan-da. adamyň saglygynyň we abadançylygynyň saklanmagyna, Gender deňeçerliginiň ösdürilmegine, şol bir wagtda zenanlaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň durmuş derejesiniň gowulanmagyna goldaw bermäge gönükdirilendigini aýtdy.

Halkymyzyň bähbidiniň goralmagynyň, olaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirlmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary arkaly tassyklanan “2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketiniň milli meýilnamasyny” we “2015-2020-nji ýyllarda Gender deňeçerligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň milli we sebit maksatnamalary hem-de BMG-niň halkara-hukuk resminamalarynyň esasynda kabul edilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär.

Döwletimiz maşgala we eneligi goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Göwrelilik we çagalara ideg edilýän döwründe tölegler ýola goýuldy hem-de çaga doglanyndan soňky döwürde goşmaça rugsat göz öňünde tutuldy. Bu bolsa çaganyň ilkinji günlerinden başlap sagdyn ösüşini ýola goýmaga doly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan “Howpsuz enelik” maksatnamasy sagdyn göwreliligi we sagdyn çagalaryň dünýä inmegini üpjün etmek, çaga dogrulýan öýlerdäki şertleri gowulandyrmak we beýlekiler ýaly ugurlary öz içine alýar. Çaga dogurýan we göwreli eneler, 2 ýaşa çenli çagalar ganazlyk keseline garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça maksatnamanyň çäklerindäki ýörite çäreler bilen gurşalandyr.

Çaga dogurmaga bolan goldawy we bu ugurdaky tejribäni, oňa degişli ylmyň esasy ugurlaryny, akuşerçilik, perinatologiýa, yzygiderli terapiýa, täze dünýä inenleriň saglygy, lukmançylyk genetikasy, anyklaýyş we geňeş hyzmatlary, çaga kesellerini bejermek we beýleki köp ugurlary öz içine alýan “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkezler ählumumy ulgamyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemeli.

Şeýle hem ýakynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kabul edilen saglygy goramak boýunça hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň we serişdeleriniň ugurlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly çäreler barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda UNFPA-nyň Gender mowzugy boýunça köpçülikleiýn habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň iň gowy işleri boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu ýerde bäsleşige gatnaşýan işler görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň