Türkmenistanyň Prezidenti ejesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny Melehan atly bedewine dakdy

08:5016.11.2017
0
15225

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Döwlet Baştutany topluma gelip, uzakda bolmadyk ýerde gezip ýören türkmen alabaýyna üns berdi. Soňra milletiň LIderi Hasyl baýramynda özüne sowgat berlen Melehan diýen ahalteke bedewi bilen ýakyndan didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny dakdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çäginde özüniň Melehan atly bedewine edilýän ideg, onuň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýeri gelende aýtsak, nesil ugry şöhratly Pereň atly ady rowaýata öwrülen bedewden gaýdýan bu atyň hem ýyndamlyk görkezip, nesil ugruna mynasyp boljakdygy gürrüňsiz hakykatdyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň