Daşoguzdaky gala-konsert bilen Özbegistanyň Medeniýeti günleri tamamlandy

06:5616.11.2017
0
10512

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Özbegistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda türkmen we özbek artistleriniň bilelikdäki gala-konserti bu döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi.

Dabarada bu medeni çäräniň beýik we gadymy medeniýetleriň netijeli wagyz-nesihatçysy bolup çykyş edýändigi, öňden gelýän doganlyk gatnaşyklarynyň taryhyna eýe bolan iki halkyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýändigi bellenildi.

Bu ýerde geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasyny halk hem-de häzirki zaman aýdymlary we sazlary, tans hem-de döredijilik çykyşlary düzüp, olar asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen iki halkyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirdi. Olar döredijilik çemenini düzüp, zehinli artistleri mähirli kabul eden tomaşaçylar üçin hakyky sowgada öwrüldi.

Tomaşaçylar “Görogly” dessanyndan parçany tolgunma bilen kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, dessanlary aýtmagyň däbe öwrülen sungaty Daşoguz welaýatynyň ýüzüniň özboluşly tuwagy bolup durýar, “Görogly” eposy bolsa, 2015-nji ýylyň dekabrynda UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň dessan sungatynyň aýdyň nusgasy hökmünde girizildi.

Tomaşaçylar köpsanly halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, Özbegistanyň at gazanan artisti Ženisbek Pyýazowyň nusgawy aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlygyna haýran galdylar.

Aýdym-saz muşdaklary Özbegistanyň halk artisti Abduhoşim Ismaýilowyň hem-de özbek sazandalar toparynyň ussatlygyna şowhunly el çarpdylar. Olar nusgawy we halk gurallaryny birleşdirip, eserleriň häsiýeti boýunça dürli aýdymlary ýerine ýetirmegiň özboluşly nusgasyny döretdiler.

Özbek tanslaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlygyny tomaşaçylara “Nowruz” tans topary görkezdi.

Halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary dostlukly ýurduň özboluşly medeniýetiniň öwüşgünlerini şöhlelendirdi. Estrada aýdymlary şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Olaryň her çykyşy tanslar bilen utgaşyp, özboluşly şüweleň döretdi.

Myhmanlarymyzyň sowgat hökmünde türkmen dilinde birnäçe aýdymlary taýýarlandygyny bellemek gerek. Olar dürli konsert maksatnamalarynda tanyşdyryldy. Şu döredijilik agşamy hem şeýle äheňe eýe boldy. Özbegistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Ozodbek Nazarbekowyň ýerine ýetirmeginde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” diýen aýdymy ýaňlandy. “Farhod we Şirin” toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan türkmen halk aýdymy hem özboluşly täsir döretdi.

Dostluk baýramçylygynyň ahyrynda artistler gadymy “Küştdepdi” tansyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu aýdyň we özüne çekiji sahna doganlyk halklaryň kökleriniň gadymylygyny hem-de döredijilik güýjüni beýan etdi.

Konserte gatnaşyjylaryň agzybirlikde alyp göteren “Dostluk” aýdymy Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň jemleýji pursadyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň