Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

05:3116.11.2017
0
11011

Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Pekiniň nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň Geňeşi bilen bilelikde guralan çärä hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýerli habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary, şol sanda köpasyrlyk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmekde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny hem-de Türkmenistanyň ornuny açyp görkezmekde döwlet Baştutanymyzyň bu işiniň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara üç dilde çap edilen täze kitabyň nusgalary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň