Soňky habarlar

Arhiw

Nobira PIRMATOWA: "Goý, ýaşasyn, baky dursun, türkmen-özbek dostlugy!"

13:4115.11.2017
0
3212

- Men Türkmenistanda ilkinji gezek. Häzire çenli bu topraga gelmedigime gaty gynanýaryn. Hiçden giç ýagşy. Hernä nesibämde bar eken, türkmen topragyna alnymy diremek. Elbetde, häzirki begenjimi, içki joşgunymy beýan etmeklikde söz ejiz gelýär. Çünki türkmen ynsanlarynyň mähribanlygy söz bilen beýan edip bolmajak derejede maňa täsir etdi. Medeniýetimiz, sungatymyz, dilimiz, dinimiz bir biziň. Medeniýet ulgamyndan mysal alsak, aýdym-sazlarymyzyň özeni bir. Saz gurallarymyzdaky, egin-eşillerimizdäki we şaý seplerimizdäki meňzesligi tapawutlandyrmak juda kyn. Bu ýere gelemsoň, türkmen aýdymçylary bilen hem gürrüňdeşlikde bolduk. Esasy zat - her kim öz dilinde gürleýär, şeýle-de bolsa, aýdylýan ähli zatlar bir-birege düşnükli. Medeniýet günlerimiz Türkmenistanda bary-ýogy 3 gün dowam eder. Ýöne şol üç gün durmuşymda gaýtalanmajak pursatlara beslenen günler boljakdygyna ynanýaryn. Şol üç günüň dowamynda öz halkymyzyň aýdymlaryny türkmen halkyna ýetireris! Türkmen-özbek dostlugynyň berk binyatlydygyna şu ýerde has göz ýetirdim.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň