Beibit ZHUMABEKOV: "Nazarbaýew adyndaky uniwersitetimiz - size garaşýar"

13:0415.11.2017
0
1572

Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň adyny göterýän bu uniwersitet Gazagystanyň Astana şäherinde ýerleşýär. 2010-njy ýylda açylyp, ulanyşa girizilen bu ýokary okuw jaýynda dünýä döwletleriniň birnäçesinden talyplar bilim alýar. Geliň, bu barada şol uniwersitetiň wekili Beibit Zhumabekowyň öz gürrüňlerini diňläliň.

- Nazarbaýew adyndaky uniwersitetde ilki bilen-ä umumy dil - iňlis dili. Galyberse-de, okuwlar tölegli ýagdaýda bolup, okuwyň dowamyndaky bilim derejesine laýyklykda soňky tölegler kesgitlenilýär. Talyplyga dalaşgärler giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, 1 ýyl dil öwreniş okadylýar. Soňky 4 ýylynda bolsa, saýlap alan ugurlary boýunça hünärmenler taýynlanýar. Ýokary okuwymyzda lukmançylyk, inženeriýa, biznes, tehnologiýa, ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar bolup, her ugurdan aýratynlykda magistratura we doktorantura okadylýar. Häzirki wagtda Ýewropa, Aziýa, Amerika ýurtlarynyň birnäçesinden gelen talyplar öz saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýesi boldular. Nazarbaýew adyndaky uniwersitet size garaşýar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň