Soňky habarlar

Archive news

Ýurdumyzyň çar künjeginde okuw maslahatlary we sergiler geçiriler

12:2615.11.2017
0
637
 Ýurdumyzyň çar künjeginde okuw maslahatlary we sergiler geçiriler

Şu gün, ýagny 15-nji noýabrda, sagat 11:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda "Türkmenistanyň kanunçylyk namalary we halkara hukuk resminamalary boýunça "Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary" atly okuw maslahaty geçiriler. Maslahat paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçiriler.

Sagat 15:00-da Çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda "Berekedi bol topragym" atly talyplaryň döredijilik sergisi geçiriler. Bu çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi guraýar.

Galyberse-de, sagat 15:00-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky B.Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Syýasy Geňeşiniň, Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda maslahat geçiriler. Usuly-amaly maslahat "Hormatly Prezidentimiziň "Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi" atly kitaby ýaş nesle döwrebap bilim bermekde we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde gymmatly çeşmesidir" diýlip atlandyrylýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň