"Watan" kinokonsert merkezinde Özbegistanyň ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda, näme üçindir şu iki sany aýdymçy has ünsümi çekdi. Olar Farhod Suleýmanow we Şirin Muzaffarowa. Söhbetimizi aýdyşyk aýdymlary bilen birnäçe halklaryň söýgüsini gazanan Farhod, Şirin bilen dowam edýäris.
- Farhod, Şirin, hoş geldiňiz biziň illere! "Aşgabat 2017-niň" ýapylyş dabarasyndan sanly wagt geçenligine garamazdan, sizi ýene-de Aşgabatda görmekligimiz bizi juda begendirdi.
- Sag boluň! Ilki bilen-ä, biziň Aşgabatda, eýýäm 3-nji gezekdigimizi aýdasym gelýär. Ýöne ýene-ýeneler gelmeklik arzuwymyzda bar.
- Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda medeniýet günleri geçýär diýlende, dogrusy halk köpçüligi ilki bilen size garaşypdy. Megerem, bu Aşgabat Aziadasynyň ýapylyş dabarasynda ýerine ýetiren türkmen aýdymyňyzyň has täsirli bolanlygyndandyr?
- Mümkin, özümizem şol dabaranyň täsirinden henizem çykyp bilemzok. Türkmen aýdymyny aýtmaklyk biz üçin uly bagt.
- Şol aýdymy näçeräk wagtda öwrendiňiz?
- Bu bize kyn düşmedi, çünki özbek-türkmeniň dili, medeniýeti, däp-dessury bir-birine iňňän ýakyn. Şol sebäpli-de, munuň üçin bary-ýogy 1gün ýeterlik boldy.
- Tüweleme, diýmek beýle aňsatlyk bilen öwrenip bolýan bolsa, sizden ýene-de täze türkmen aýdymlaryna garaşybermeli-dä?
- Elbetde.
- Medeniýet günlerine nähili aýdymlaryňyz bilen geldiňiz?
- Şol "Bilezik" we öz halkymyzyň iki sany aýdymy bilen çykyş etmekçi.
- Ajaýyp söhbet üçin minnetdar, Farhod, Şirin! Size mundan-da beýläk sungat äleminde uly üstünlikler arzuw edýäris!
- Sag boluň!