Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

09:1115.11.2017
0
6486

14-nji noýabrda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre sebitara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, işewür toparlaryň, şol sanda söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, sebit bazarlaryny we eksport mümkinçiliklerini öwrenmäge, şeýle hem tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýän telekeçi zenanlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, wekiliýetlere bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, söwda, maýa goýum işini ösdürmek, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen, sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda nobatdaky ädime öwrülendigini nygtadylar. 

Bellenilişi ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ägirt uly üns berýändiginiň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary we dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy. 

Elektroenergiýanyň Owganystana ugradylýan möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Häzirki döwürde bu işler Ymamnazar-Andhoý we Serhetabat-Hyrat-Turgundy ýaly iki ugur boýunça alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. 

Ulag-aragatnaşyk pudagy sebitara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Şunlukda, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk nusgasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň, şeýle hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň, ýokary tizlikli ulag ýollarynyň, howa menzilleriniň we beýleki düzümleýin desgalaryň örän uly ähmiýeti bardyr.

Himiýa we nebithimiýa pudagy, oba hojalygy, ýeňil we azyk senagaty, ylym-bildim pudagy, saglygy goraýyş. Sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Kiçi we orta telekeçiligiň çäklerindäki söwda-ykydysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyň wekillerine berýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Olar halk hojalygynyň ähli pudaklarynda işlemek bilen, ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalara mynasyp bolýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň jemi içerki öüminde bu pudaga möhüm orun degişlidir. 2020-nji ýyla çenli telekeçileriň jemi içerki önümdäki paýyny 70 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmen-owgan gatnaşyklary barada aýtmak bilen, maslahatda çykyş edenler goňşy ýurduň birnäçe iri kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işleýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Olaryň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň we ylalaşyklaryň 94-si hasaba alyndy. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleri 22 göterim ýokarlandy. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde açylan bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýüne möhüm orun degişlidir.

Owganystan Yslam Respublikasmnyň söwda we senagat ministri Rasawa Humaýonyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan Owganystanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we sebitde esasy ulag-aragatnaşyk merkezi hökmünde çykyş edýär. Dürli pudaklarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, myhman birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegini umumy tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygynyň mysaly hökmünde nygtady.

Bellenilişi ýaly, forum tejribe alyşmak, göni maglumatlar bilen tanyşmak, eksport, söwda we ýükleri üstaşyr geçirmek täze gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça gürrüň etmek üçin netijeli işewürlik meýdançasyna öwrüldi. Maslahatyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň işewür bileleşikleriniň arasynda halkara bazarlarynda emele gelen we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly umumy bähbitlere laýyk gelýän täze ykdysady ýagdaýlaryň esasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu çäräniň örän uly ähmiýetiniň bolandygyny nygtadylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Mizan” işewürler merkezinde sebitiň önüm öndürijileriniň harytlarynyň bilelikdäki sergisi açyldy.

Şeýle hem onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we özara peýdaly gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň