Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Mali Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

08:3915.11.2017
0
2688

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Mali Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi jenap Tiýefing Konateden ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy onuň esasy ugyr bolup durýar. Şeýle hem diplomat döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler we maksatnamalar bilen tanyşdy.

Şeýle hem guşuşygyň dowamynda Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi we ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň çäklerinde onüň eýeleýän orny barada aýratyn gürrüň edildi. Şunda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm ugry bilen göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy.

Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, jenap Tiýefing Konate türkmen-mali gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýyna we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

***

Aşgabada bolmagynyň çäklerinde diplomat Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň