Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleri tanyşdyryldy

19:2214.11.2017
0
2897
Türkmenistanda Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleri tanyşdyryldy

Düýn Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşlyk dabarasy boldy. Bu dabara goňşy döwletiň ýokary bilim berýän edaralarynyň onlarçasynyň wekilleri gatnaşyp, ýurtdaky uniwersitetlerdir institutlar bilen tanyşdyrdylar. "Turkmenportalyň" habarçysy şol myhmanlaryň biri — Gazagystanyň Süleýman Demirel adyndaky uniwersitetiniň Marketiň bölüminiň müdiri Omarbek Nurbawliýew bilen söhbetdeş boldy.

— Men Türkmenistanda ilkinji gezek. Biz Gazagystan Respublikasynyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat topary bolup, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okuw sergisini gurnadyk — diýip, myhman gürrüň berdi. — Elbetde, bu sergini gurnamak bilen biziň esasy maksadymyz — Gazagystandaky ýokary okuw jaýlarynyň mümkinçilikleri, amatlyklary bilen doly derejede tanyşdyrmakdan ybarat. Süleýman Demirel adyndaky uniwersiteti köpugurlylygy özünde jemläp, şol ugurlardan hünärmenleri taýýarlaýar. Uniwersitetimiz 1996-njy ýylyň 12-nji dekabrynda açyldy we onuň açylyş dabarasyna adyny göterýän, ýagny Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demirel bilen Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdy.

"Engineering and natural sciences, Economics and administrative sciences, Psihology and pedagogical sciences, Law and social sciences" fakultetlerimiz öz içine birnäçe ugurlary alýar. Ýokary okuw mekdebinde häzirki wagtda Türkmenistandan, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa, Eýran, Malaýziýa, galyberse-de, Ýewropanyň hem birnäçe ýurtlaryndan talyplar bilim alýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň