Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan — Taýwan: bir ýeňiş Aziýa kubogy — 2019

21:3613.11.2017
0
10347

Ertir — 14-nji noýabrda Balkanabat şäherindäki 10 müň tomaşaçy orunlyk sport toplumynda ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysy Taýwanyň ýygyndysyny kabul eder. Duşuşyk 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçirilýär.

Myhmanlar şäherdäki «Nebitçi» myhmanhanasynda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolsa Mollagara şypahasynda ýerleşdiler. Şu gün iki ýygyndy hem Sport toplumynda türgenleşik geçdiler.

Ertirki duşuşyk üçin milli ýygyndymyzyň hataryna 23 futbolçy çagyryldy. Köpetdag stadionynda Singapuryň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykdan tapawutlylykda, bu gezek Elman Tagaýewiň, Söhbet Allanurowyň we Zafar Babajanowyň orunlary Serdar Annaorazow, Resul Hojaýew we Parahat Jumanazarow bilen çalşyldy. Şeýlelikde, doganlar Akmyrat, Parahat Jumanazarowlaryň ikisi hem şu duşuşyk üçin milli ýygynda çagyryldy. Milli ýygynda çagyrylan 23 futbolçynyň 2-si daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýär.

Türkmenistan — Taýwan duşuşygy üçin milli ýygyndymyza çagyrylan futbolçylar:

Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow, Nikita Gorbunow, Nurgeldi Astanow.

Goragçylar: Şöhrat Söýünow, Bagtyýar Hojaahmedow, Akmyrat Jumanazarow, Döwran Orazalyýew, Gurbangeldi Batyrow, Mekan Saparow, Serdar Annaorazow, Parahat Jumanazarow.

Ýarym goragçylar: Arslanmyrat Amanow, Umidjan Astanow, Serdar Geldiýew, Ilýa Tamurkin, Myrat Annaýew, Ahmet Ataýew, Merdan Gurbanow, Begenç Annagurbanow, Resul Hojaýew.

Hüjümçiler: Myrat Ýagşyýew, Wahyt Orazsähedow.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi: Ýazguly Hojageldiýew.

Tälimçiler: Çaryýarguly Seýdiýew, Rahmanguly Baýlyýew.

Derwezeçileriň tälimçisi: Maksatmyrat Şamyradow.

Lukman: Döwlet Gylyjow.

Owkalaýjylar: Begenç Garaýew, Kyýas Hajyýew.

Metbugat wekili: Kiçigul Kiçigulow.

Adminstrator: Taganmämmet Halow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň