Türkmenistan — Taýwan duşuşygynda geýiljek köýnekçeler takyklaşdyryldy

17:1013.11.2017
0
3088

Şu gün Balkanabat şäherinde Türkmenistan — Taýwan duşuşygynyň öňüsyrasyndaky maslahat geçirildi. Iki milli ýygyndysnyň wekilleriniň, AFK-dan gelen myhmanlaryň we halkara futbol bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ertirki duşuşyk barada birnäçe wezipeler takyklaşdyryldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ertirki duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ak-ýaşyl eşikde, myhmanlar bolsa durşuna gök köýnekçede meýdana çykar.

Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygy 14-nji noýabrda 15:00-da Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň