Soňky habarlar

Arhiw

"Sanly bilim ulgamy" portaly Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin düýpli täzelik bolar

13:2611.11.2017
0
18318
Ylýas Ymamgulyýew, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy: - Söwda we senagat edarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilen "Bilim we sport Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe" atly halkara sergisinde ýurdumyzyň, şol sanda dünýä ýurtlarynyň bilim ulgamy bilen doly tanyşdyryldy. Biz hem geljekde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýola goýjak "Sanly bilim ulgamy" atly portalyň taslamasy bilen bu ýere gelen talyplary, halk köpçüligini, işgärleri tanyşdyrýarys. Bilim portaly özünde "Elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler" ýaly bölümleri özünde jemleýär. 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ähli ýokary we orta mekdeplerine Bilim portalyny doly derejede ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Elbetde, bu ähli amatlyklary, mümkinçilikleri, köpugurly ýeňillikleri bolan portalyň üsti bilen döwletimizde, esasan-da, ýaş nesilleriň bilim derejesi has-da ýokarlanar we wagt tygşytlanar. Ýurdumyzyň geljegi - ýaş nesilleriň elinde. Şol sebäpli-de, ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklygy zerur bolup durýar. Şol maksat esasynda düzülen "Sanly bilim ulgamy" portaly geljekde öz oňyn netijesini berer diýip umyt edýäris!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň