Soňky habarlar

Arhiw

Aaron Ong: "Cyberjaýa uniwersitetimiz gaýry yurtlardan geljek talyplara garaşýar"

11:5611.11.2017
0
1515
- Men Türkmenistanda ikinji gezek. Geçen ýyl hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sergä gatnaşypdym. Bu gezek hem paýtagtda geçirilýän "Bilim we sport Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe" atly halkara sergä Malaýziýa döwletiniň adyndan gatnaşmak miýesser etdi. Biz bu sergide Malaýziýanyň Cyberjaýa Uniwersiteti, ol ýerde okuwlaryň alnyp barylşy barada doly tanyşdyrdyk. Cyberjaýa uniwersiteti, esasan, lukmançylyk ugurlaryny özünde jemlemek bilen bir hatarda, ol ýerde geljekde başga ugurlardan hem bilim bermek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýokary okuw jaýymyzda "Foundation studies, Medicine, Pharmacy, Psychology, Biomedical Engineering, Allied health sciences, Homeopathy, Occupational safety and health, Business administration, Postgraduate research" ýaly ugurlardan sapak berilip, dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden gelen talyplar bilim alýar. Uniwersitetimiziň açylanyna 12, 13 ýyl bolsa-da, iş ýokary depginde alnyp barylýar. Esasy maksat - öz ugrundan ökde hünärmenleri ýetişdirmek. Galyberse-de, ýokary okuw jaýymyz soňky ýyllarda birnäçe baýraklara mynasyp boldy. Ýagny, 2015-nji ýylda "Workforce Optimas Awards", 2016-njy ýylda " BrandLaureate SME Best Brands Award", "Asia Pacific Entrepreneurship Award", "The OIC Today JEWELS Award", "MOSPA OSH Excellence Award", "SME100 Fast Moving Companies" ýaly baýraklara eýe boldy. Türkmenistandan geljek talyplara-da, Cyberjaýa uniwersiteti giňden gujagyny açýar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň