Arhiw

Daşoguzda täze pagta egiriji fabrik gurlar

10:4111.11.2017
0
1508
Şu günler Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda pagta egriji fabrigi gurmak boýunça alnyp barylýan işler güýçli depginde dowam edýär. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksadynda bäsleşige gatnaşyjylaryň tekliplerine baha bermek boýunça uly işler geçirildi, netijede, dokma senagatynyň täze desgasynyň taslamasyny düzmek, gurmak we enjamlaşdyrmak “Hilli ýüp” hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Pagta egriji fabrigiň ulanmaga berilmegi bilen bir ýylda 6 müň tonna nah ýüplügi öndüriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, dokma senagatynyň ägirt uly serişdeler kuwwatynyň bolmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Bu pudaga daşary ýurtly sarp edijileriň uly islegine eýe bolan pagtadan ýokary hilli önümleri öndürmegiň ösüşini höweslendirýän uly möçberdäki maýa goýumlary gönükdirilýär. Milletiň Lideri ýurdumyzyň welaýatlaryny ykdysady taýdan ösdürmek üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjek pudagyň täze senagat desgalaryny gurmagyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň