Soňky habarlar

Arhiw

Oba hojalyk ulgamynyň wekiliýeti Özbegistanda gulluk iş saparynda boldy

10:3811.11.2017
0
905
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Iş saparynyň barşynda oba hojalyk pudagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milletiň Lideri goňşy döwletimiz bolan Özbegistan Respublikasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini belläp, obasenagat toplumynda hem birek-birekden öwrenere, özara tejribe alyşmaga köp zadyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmakda, oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde daşary ýurtlaryň tejribesiniň önümçilige ornaşdyrylmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň