Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-kuweýt gepleşikleri köpugurly hyzmatdaşlygyň täze ýoluny açdy

10:2911.11.2017
0
1710
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň Kuweýt Döwletine iş saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde kuweýt tarapynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şol sanda söwda-ykdysady, energetika pudaklary ýaly geljegi uly bolan ugurlarda giňeltmäge, döwrebap düzümi döretmäge, şeýle hem Türkmenistanyň başyny başlan giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gyzyklanýandygy tassyklanyldy. Makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini äşgär edip, häzirki döwürde dünýäniň abraýly maliýe düzümlerine ýurdumyzda durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde baha bermäge şert döredýär. Milli ykdysadyýetimize gönükdirilýän daşary ýurt maýalarynyň möçberleriniň artmagy ýurdumyzyň jemi içerki ösüşinde bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalarynyň paýynyň artmagyny we Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulmagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň