Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilen halkara nebitgaz maslahaty we sergisi pudagy ösdürmegiň geljegi üçin möhüm orna eýe boldy

10:2611.11.2017
0
3318
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly ХХII halkara maslahatynyň we guralan pudaklaýyn serginiň netijeleri barada hasabat berildi. Ýöriteleşdirilen nebitgaz sergisinde öňdebaryjy tehnologiýalar, täze işläp taýýarlamalar, uglewodorod serişdelerini çykarmakda, daşamakda, taýýar önümleriň önümçiliginde giňden ulanylýan kämil enjamlar görkezildi. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň tebigy gazyny köpugurly esasda dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna garaldy. Şeýle hem halkara, sebitleýin we ýurdumyzyň nebitgaz düzümini ösdürmegiň ýollary, geljekde energetika syýasatyny işläp taýýarlamagyň ugurlary hakynda pikir alyşmalar boldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň