Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar

10:2111.11.2017
0
5106
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hususylaşdyrmaga degişli desgalar we binalar, şeýle hem döwletiň garamagyndan aýrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar boýunça teklipler hödürlendi. Milletiň Lideri hususylaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň hususy telekeçiligini ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen teklipleri has içgin öwrenmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň