Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny amala aşyrmak boýunça iş topary dörediler

10:1911.11.2017
0
2464
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutnayna Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň netijeleri barada hasabat berildi. Teklip edilýän resminamanyň taslamasynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça döwlet edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şonuň bilen birlikde, degişli iş toparyny döretmek hem-de maksatnamada göz öňünde tutuljak çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça jogapkär ministrlikleri we edaralary kesgitlemek meýilleşdirilýär. Milletiň Lideri hasabaty diňläp, durnukly ösüşiň maksatlarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň halkara giňişliginde Türkmenistanyň ileri tutýan ugry bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda BMG bilen bilelikde toplumlaýyn netijeli işleri geçirmek arkaly, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin zerur çäreleri görmek möhümdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin bu ulgamda öňde durýan esasy wezipeleri kesgitlemek bilen, wise-premýere degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça görkezme berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň