Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

05:4311.11.2017
0
6574
10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde türkmen döwletiniň Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň netijeleri, hususylaşdyrmaga degişli desgalar we binalar, şeýle hem döwletiň garamagyndan aýrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar, korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda görülýän çäreler, 2018-nji ýylyň dowamynda ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy, Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly ХХII halkara maslahatynyň we guralan pudaklaýyn serginiň netijeleri, Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7 — 10-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan iş saparynyň jemleri, DIM-niň ýolbaşçysynyň Kuweýt Döwletine iş saparynyň barşynda geçirilen gepleşikler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Hasyl toýuna gabatlanan çäreleriň maksatnamasy, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda pagta egriji fabrigi gurmak boýunça alnyp barylýan işler, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler, Aşgabatda we Daşoguzda geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň maksatnamasy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wezipeler barada hasabatlar berildi. Milletiň Lideri hasabatlary ýekänme-ýekän diňläp, olar baradaky tabşyryklaryny berdi barada hasabat berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň