Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystana berýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar

04:5111.11.2017
0
4244
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda şertnama laýyklykda, goňşy döwlete Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat — Turgundy elektrik geçirijileri arkaly iki ugur boýunça ýylda 700 million kilowat sagat elektrik energiýasy iberilýär. Mundan başga-da, Badhyz we Jowüzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, bu maksat bilen 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamalaryň hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda Owganystana elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de türkmen-owgan gatnaşyklary barada durup geçmek bilen, öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüp, täze anyk mazmun bilen baýlaşýandygyny belledi. Bitarap Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler bilen kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edip, degişli ugurda halkara bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge goldaw berýär. Biziň ýurdumyzyň başyny başlan iri düzümleýin taslamalary munuň subutnamasy bolup, olar owgan ykdysadyýetini dikeltmäge, durmuş we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleri çözmäge ýardam etmelidir.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň