Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2018-nji ýylda geçiriljek iri döwlet çäreleriniň sanawy kesgitlenildi

02:0311.11.2017
0
6739
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna 2018-nji ýylyň dowamynda ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hödürlendi. Umuman, täze ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlaryna, onuň eksport kuwwatlyklaryna we möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan iri çäreleriň birnäçesini guramak meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde halkara maslahat we sergi işleriniň möhüm orun eýeleýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň barha artýan mümkinçiliklerini giňden wagyz etmegiň, onuň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna ugradylmagyna, milli önümleriň daşarky bazarlarda eýeleýän orunlarynyň pugtalanmagyna, ýurdumyza iri maýa goýumlarynyň çekilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň we dünýä ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi. “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” Karary makullap, döwlet Baştutany ýurdumyzyň halkara işewür merkezi hökmündäki abraýynyň ýokarlanmagyna, hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we Türkmenistanyň ählumumy meseleleriň çözgüdi boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň