Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçiriler

01:4611.11.2017
0
6061
Ýakyn günlerde Aşgabatda we Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrdaky mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna bu çäräniň maksatnamasy barada hasabat berildi. Bu maksatnama ynsanperwer ulgamda iki goňşy döwletiň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda Özbegistandan geljek myhmanlaryň resmi böleginiň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, kinolaryň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň sergileri hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary bar. Döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasyny Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Myhmanlar üçin türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, ýurdumyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň