Soňky habarlar

Arhiw

Ýekşenbe güni Türkmenistanda Hasyl toýy belleniler

00:5911.11.2017
0
10930
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrdaky mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna her ýylyň noýabr aýynda bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanan çäreleriň maksatnamasy hödürlendi. Olaryň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň sergisini, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini, sport ýaryşlaryny, milli oýunlary, sungat ussatlarynyň konsertlerini, at çapyşyklary guramak meýilleşdirilýär. Täze taryhy döwürde Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň egsilmez zehinini we zähmetsöýerligini, ene topragymyzyň sahylygyny alamatlandyrýar, döwletimiziň oba zähmetkeşleri hem-de tutuş obasenagat toplumyny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada edýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryk berildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň