Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasy geçirildi

06:0710.11.2017
0
6278
Düzüminde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan şäherinde geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň (ABU) 54-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Forumyň işine birleşige agza bolan teleradio kompaniýalaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň esasy wezipeleri iri sport ýaryşlaryndan we halkara çärelerinden göni ýaýlymda alyp görkezmegi guramak, işgärleri taýýarlamak we beýlekiler babatda tejribe alyşmakdan, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemekden, işgärleri taýýarlamakdan we beýlekilerden ybarat boldy. ABU-nyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde programmalary alyşmakda, teleradio ýaýlymlarynda häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak meseleleri boýunça birleşigiň toparynyň maslahatlary, okuw maslahatlary we bilelikdäki mejlisleri geçirildi. Sport toparlarynyň duşuşyklarynda iri çäreleri beýan etmekde täze ýagdaýlar bilen tanyşmak we özara pikir alyşmak geçirildi. Bu ýere ýygnananlarda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi, şonuň bilen birlikde-de ýaryşlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilendigi baradaky hasabatlar uly gyzyklanma döretdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýlanylmagynyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde ösen sport düzüminiň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşiniň möhüm ýagdaýy bolan sport ulgamyna berýän uly ünsüniň bolandygy nygtaldy. Öz nobatynda, ABU-nyň dürli toparlarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, bu iri sport ýaryşlarynyň dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyz bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikleri döredendigini, Türkmenistanda sport hereketiniň ösdürilmegine uly itergi berendigini nygtadylar. Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryny beýan etmäge gönüden-göni gatnaşan Aziýanyň we Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri žurnalistleriň, telehabarçylaryň işlemegi üçin bu ýerde ähli şertleriň döredilendigini nygtadylar. Maglumat üpjünçiliginiň häzirki zaman önümçilik-tehniki binýady, iň täze aragatnaşyk tehnologiýalary olaryň ygtyýarynda boldy. Forumda çykyş eden türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanda ähli ulgamlary öz içine alýan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, habar beriş ulgamynda amala aşyrylýan anyk işlere hem-de yzygiderli çärelere aýratyn üns berildi. Daşary ýurtly žurnalistler Türkmenistana ýene-de gelip görmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň 55-nji Baş Assambleýasyny Aşgabatda geçirmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli netijeli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýan türkmen döwletiniň barha artýan abraýynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşigi—ýa-da onuň atlandyrylyşy ýaly, “Aziýaweşaniýe” her gün dünýäniň esasy teleýaýlymlary hem-de Internet boýunça täzelikleri ýaýradýar. Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlarynyň 60-syndan ýaýlyma beriş guramalary onuň düzümine girýär. Türkmenistan 2012-nji ýylda ABU-nyň doly hukukly agzasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşige syn edýänleriň hakyky möçberi 3 milliard adama barabardyr. Mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalary Türkmenistanyň hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy barada maglumatlary, seljeriş häsiýetli habarlary yzygiderli alyşmakdan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda tejribeleri alyşmakdan we beýlekilerden ybaratdyr. Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň 6-njy telewizion festiwalyna gatnaşdylar. Onda beýleki daşary ýurtlaryň artistleri bilen bir hatarda, biziň aýdymçylarymyz öz ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler. Bu ýerde, şeýle hem dürli görnüşler boýunça tele we radiogepleşikleri taýýarlap, has tapawutlanan žurnalistleri sylaglamak dabarasy boldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň