Aşgabatda bilim we sport ulgamynda gazanylan dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyryldy

23:5309.11.2017
0
10363
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi açyldy. Şu ýyl sergä dünýä ýurtlarynyň 30-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň hatarynda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Malaýziýanyň, Latwiýanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bar. Sergi bölümleriniň oýlanyşykly ýerleşdirilmegi bu ýere gelýänleri serginiň maksady bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Diwarlyklaryň onlarçasy dürli ýurtlaryň bilim ulgamy, şol sanda esasy önüm öndürijileriň önümleri, IT-tehnologiýalary, innowasion barlaghana enjamlary bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda dürli ylym we okuw usulyýet edebiýaty, şeýle hem talyplaryň arasynda geçirilýän halkara olimpiadalarynyň ýeňijileriniň kuboklary, medallary we diplomlary görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň döwrebap usulyýeti we hünärler barada jikme-jik maslahatlary almak bolýar. Ýurdumyzyň we daşary döwlet kompaniýalarynyň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar bilim ulgamynyň döwrebap maksatnama-usulyýet toplumlaryny synagdan geçirmegi teklip etdiler. Bu toplumlar interaktiw tagtalary we stollary öz içine alýar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň dürli sebitleriniň ýokary okuw mekdepleri, milli we halkara guramalary hem-de assosiasiýalary, talyplary daşary ýurtlarda okatmak we alyşmak boýunça agentlikler, önüm öndürijiler hem-de okuw edebiýatyny we programma önümlerini öndürijiler bolup, olaryň hatarynda “Intel” (ABŞ), “Lenowo”, “Huawey” (Hytaý) we beýlekiler bar. Bu ýerde kompýuter tehnologiýalary ulgamynda soňky gazanylan üstünlikler, şeýle hem okuw edaralary üçin täze enjamlar we mebeller görkezilýär. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň diwarlyklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türgenlerimiziň gazanan sylaglaryny, ýurdumyzyň çägi boýunça 500 günlük atly ýörişde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny görmek bolýar. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklarynda türgenlerimiziň dürli we milli halkara ýaryşlarynda gazanan altyn kuboklary görkezilýär. Sergi bölümlerinde ýurdumyzyň göreş, dzýudo, boks, ýaýdan ok atmak, agyr we ýeňil atletika, hokkeý, basketbol, taý boksy, sport tanslary, bilýard, küşt hem-de beýleki ugurlar boýunça sport federasiýalary yzygiderlilikde ýerleşdirildi. Sergide ilkinji gezek täze Aşgabat golf kluby bilen tanyşdyryldy, onuň açylyş dabarasy 17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Häzir golf dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, sportuň bu görnüşi üçin meýdanlaryň peýda bolmagy Türkmenistanda sport düzümini ösdürmegiň nobatdaky tapgyryna öwrüldi. Günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda ylmy maslahatyň umumy mejlisi öz işini dowam etdi. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim we sport babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň