Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada welosipedli gezelenç etdi

08:2209.11.2017
0
6886
8-nji noýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” köpugurly sport toplumyna baryp gördi hem-de deňiz şypahanasy boýunça welosipedli gezelenç etdi. Ir bilen döwlet Baştutany sport toplumyna gelip, däp boýunça nobatdaky iş gününi bedenterbiýe we sport maşklaryndan başlady. Milletiň Lideri sport toplumynyň türgenleşik zalynda gurnalan sport enjamlarynda maşklaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Şeýle hem milletiň Lideri “Awaza” welosiped sürmek bilen, basketbol oýnuny utgaşdyrmagyň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz welosipede erk etmek bilen, her gezek pökgini tora dürs oklap, “basketbol ussatlyk sapagyny” berdi. Öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň egindeşleri hem birnäçe maşklary ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutany sport toplumynda gurnalan döwrebap türgenleşik enjamlarynyň aýratyn mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, olarda ýerine ýetirilýän maşklaryň adam bedeniniň ol ýa-da beýleki agzalaryna ýetirýän täsirini belläp, aýry-aýry maşklary ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutany sport zalynda türgenleşigi, şeýle hem basketbol we woleýbol meýdançalarynda bäsleşikler tamamlanandan soň egindeşleri bilen deňiz şypahanasynyň çäkleri boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň