Soňky habarlar

Arhiw

“Baýramaly” agrosenagat orta hünär okuw mekdebin oba hojalygyny ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

18:5008.11.2017
0
5354

“Baýramaly” agrosenagat orta hünär okuw mekdebin oba hojalygyny ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň merkezi geňeşi hem-de Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň “Baýramaly” agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmek möhüm wezipämizdir” atly ylmy amaly maslahat geçirildi. Alymlaryň, oba hojalyk işgärleriniň we köp sanly pudaga degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň oba senagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça beren görkezmelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda degişli düzümleriň işini talaba laýyk guramak, ylmyň gazananlaryny iş üstünde durmuşa geçirmek, täze satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, ekin meýdanlarynda suwy tygşytly ulanmak, maldarçylygy ösdürmek we başgada birnäçe ugurlar boýunça çykyşlar edildi. Şeýle hem bu ýerde bu pudakda toplanan köp ýyllyk önümçilik we iş usullary boýunça tejribeler alyşyldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň