Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

09:2308.11.2017
0
6296

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelen soň, döwlet Baştutanyny welaýatyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Döwlet Baştutanynyň iş saparynyň esasy maksady ýerlerde, ýurdumyzyň Hazarýaka sebitinde we ilkinji nobatda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda özgertmeleriň barşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň gurulýan ýerine geldi.

Ozal ýangyç-energetika toplumynyň garamagynda bolan bu iri täze gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine alyp barmak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birleşme tarapyndan täze toplumy gurnamak hem-de onuň binýadynda ýaşaýyş ulgamy bolan has amatly dynç alyş merkezini döretmek boýunça teklipleriň birnäçesi taýýarlanyldy. TSTB-nyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny akwaparkyň gurluşygy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň taslamasy, şeýle hem beýleki käbir taslamalar bar.

Häzirki wagtda döwrebap “Awaza” şypahanasynyň gurluşygynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, onuň düýbi geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tutuldy. Täze şypahana Oguzhan şaýolunyň we Dostluk köçesiniň arasynda, “Daşoguz” sagaldyş we dynç merkeziniň ýanynda bina edilýär.

“Awaza” şypahanasynyň gurluşyk meýdançasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli syýahatçylyk zolagyna şu günki saparynyň dowamynda nobatdaky baryp gören ýeri boldy.

Milli Liderimiz täze gurluşykda häzirki işler bilen tanyşlygynyň barşynda gurluşykçylar bilen salamlaşyp, olara bu möhüm desgany öz wagtynda we ýokary hilli bina etmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň gurluşygynyň barşyny gözden geçirmegi tamamlap, Hazarýaka sebitiniň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalarynyň “Awaza” şypahana toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamynda öňde durýan wezipeleri ýene bir gezek beýan edip, bu zolagyň Balkan welaýatynyň ykdysady hem-de maýa goýum ösüşiniň hereketlendiriji guraly, bejeriş-sagaldyş jahankeşdeligini, Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň we myhmansöýerlik däpleriniň ösdürilmeginiň daýanç nokady bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň