Arhiw

Wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabatda guruljak işewürlik-söwda dynç alyş merkeziniň we welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň taslamalary bilen tanşyldy

23:5906.11.2017
0
4764

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew  öz hasabatynda döwlet Baştutanyna iri işewürlik-söwda dynç alyş merkeziniň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýeriniň degişli çyzgylaryny görkezdi.

Mundan başga-da häkim öňde boljak baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen guralýan işler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki toplumyň taslamalary bilen tanşyp, bu desga bina edilende milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki döwrüň binagärlik we şähergurluşyk meýilleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny berjaý etmegiň möhümdigini nygtady. Milletiň Lideri şeýle hem ýanaşyk ýerleriň göwnejaý derejede abadanlaşdyrylmagyna hem-de seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine ünsi çekdi.

Milletiň Lideri hödürlenen taslamalara birnäçe bellikleri hem-de degişli düzedişleri girizip, Aşgabat şäheriniň häkimine bu söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygyna halkara bäsleşigini yglan etmek barada tabşyryk berdi. 

Döwlet Baştutany 12-nji dekabrda Halkara bitaraplyk gününiň baýram edilmegine taýýarlygy ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, Ş.Durdylyýewe birnäçe tabşyryklary berdi.

Welaýat häkimleri webitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň häkimleri bolsa welaýatyň çäginde guruljak «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýerleşjek ýerleri, çyzgylary barada habar berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygynyň hiline aýratyn ähmiýet bermek bilen, onuň gurluşygynda has netijeli innowasiýa häsiýetli inženerçilik-tehniki çözgütleriň peýdalanylmagynyň, bu binanyň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dolandyryş merkeziniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri degişli welaýatlaryň häkimlerine hödürlenen taslama boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem milleriň Lideri Aşgabat şäheriniň we sebitleriň ýolbaşçylaryna Halkara Bitaraplyk gününi ýokary derejede geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň