Soňky habarlar

Arhiw

Çehiýanyň çempionatynda «Mlada Boleslaw» türkmenistanly ýarym goragçynyň geçiren goly bilen ýeňiş gazandy

16:2305.11.2017
0
9402

Çehiýanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynda «Mlada Boleslaw» futbol topary myhmançylykda «Banik Ostrawany» 1:0 hasabynda ýeňdi. Myhman topara ýeňiş getiren duşuşygyň ýeke-täk pökgüsini türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, ildeşimiz kärendesine çykyş edýän täze topary bilen ilkinji duşuşygynda hem tapawutlanypdy. Ýöne şol duşuşykda şikes alan R.Mingazow 40 gün çemesi ýaşyl meýdandan uzaklaşmaly boldy. Ýakynda bolsa biz Ruslanyň şikesden doly gutulyp, ýene-de futbol oýnap başlandygyny habar beripdik. Düýnki geçirilen duşuşykda bolsa ol toparynyň ýeňiş pökgüsini öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňişden soň Ruslan Mingazowyň çykyş edýän topary «Ýablones» bilen birlikde çempionatyň 8-nji basgançagynda ýerleşdi. Ýeri gelende, ildeşimiziň «Ýablonesiň» düzüminde hem çykyş edendigini nygtamak gerek. «Mlada Boleslaw» indiki duşuşygyny 19-njy noýabrda «Bohemians 1905» topary bilen geçirer. Nobatdaky garşydaş ýaryş tertibiniň 7-nji ornunda ýerleşýär. Diýmek, Ruslan Mingazowyň we onuň topardaşlarynyň indiki ýeňşi olary ýene bir basgançak ýokary galdyryp biler. «Mlada Boleslaw» Çehiýanyň çempionatynda nobatdaky möwsümde Ýewropada çykyş etmäge hukuk gazanjak topardan bary-ýogy 6 utuk yzda. Ýeri gelende aýtsak, R.Mingazow topara goşulanda, «Mlada Boleslaw» ýaryşyň iň soňky orunlaryndady. Häzir bolsa topar ýaryş tertibiniň orta gürpüne ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň