Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana resmi sapary tamamlandy

05:0304.11.2017
0
8121

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparyny tamamlandy. Saparyň ikinji güni milletiň Liderini täjik kärdeşi, şeýle hem dostlukly ýurduň Mejlisiniň aşaky palatasynyň başlygy bilen duşuşyklary boldy.

Şol gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet kabulhanasynda täjik parlamentiniň (Majlisi namoýandagon) Aşaky palatasynyň başlygy Şukurjon Zuhurowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Täjigistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän parlamentara gatnaşyklaryny has-da berkitmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň ýokary kanunçykaryjy we döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň düzümi we işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Täjigistanyň parlamenti iki palatadan: Aşaky – Wekilleriň palatasyndan (Majlisi namoýandagon) we Ýokarky – Milli Geňeşden (Majlisi milli) ybaratdyr.

Aşaky palata ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan deputatlaryň 63-sinden ybarat bolup, wekilleriň 22-si deňölçegli ulgam boýunça, 41-si bir mandatly okruglar boýunça saýlanylýar. Majlisi namoýandagon hemişelik we hünär esasynda hereket edýär.

Majlisi milli 33 agzadan ybarat bolup, olaryň 25-si Daglyk-Badahşan awtonom oblastynyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň, Duşenbe şäheriniň we onuň etraplarynyň, respublikan tabynlygynda bolan şäherleriň we etraplaryň deputatlarynyň bilelikdäki mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Onuň agzalarynyň 8-si Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Majlisi millide Respublikanyň ähli dolandyryş-çäk birlikleri wekilleriň birmeňzeş sanyna eýedir. Täjigistan Respublikasynyň Majlisi milli Majlisi Oliniň agzalygyna ýurduň 35 ýaşan we ýokary bilimi bolan raýaty saýlanyp biler. Deputatlaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti 5 ýyla deňdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmon bilen Warzob jülgesinde gezelenç etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri ekologiýa meselelerine, tebigaty goramak, suwdan rejeli peýdalanmak we klimat howpsuzlygy babatda sebit üçin umumy wezipeleriň çözülmegine üns berdiler. Bu meseleleriň birtaraplaýyn tertipde çözülmegi mümkin däldir hem-de soňky onýyllyklaryň dowamynda Orta Aziýada bolup geçýän hem-de döwletleriň gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny gurşap alýan goşulyşmak prosesleriniň işjeňleşendigi bellenildi.

Soňra özara söhbetdeşlikde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon döwletleriň ikisi üçin hem möhüm bolan halk hojalygyny senagatlaşdyrmak meselesi barada gürrüň etdiler. Milli Liderimiz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi. Mysal üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda indi diňe aýry-aýry kärhanalar we zawodlar däl-de, eýsem, tutuş toplumlar we senagat zolaklary gurulýar. Olarda önümçilik işi täze tehnologiýalara we usullara, ylmy çemeleşmäni talap edýän enjamlara we awtomatlaşdyrylan ulgamlara esaslanandyr.

Ulag ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek, şeýle hem dünýä derejesinde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň möhüm şertine öwrüldi. Sebit derejesinde ähmiýetli giň gerimli taslamalary amala aşyrmak bilen biziň ýurdumyz şol bir wagtyň özünde bu ugurda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birnäçe halkara başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň öňe süren ulag meseleleri boýunça eýýäm ikinji rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Geçen ýylyň noýabrynda bolsa Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat geçirildi.

Täjigistan türkmen başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýär, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýoluny gurmagyň bilelikdäki taslamasy munuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Bu taslamanyň doly amala aşyrylmagy diňe oňa gatnaşyjy ýurtlara däl-de, eýsem, tutuş sebite örän uly peýda getirer.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdylanda bolsa, onda bu ýerde çig maly düýpli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, önümçiligiň döwrebap usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasy ýörelge bolup durýar.

Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýene-de biri elektroenergetika bolup durýar. Şunda Türkmenistan pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy hem-de onuň kuwwatlyklaryny artdyrmagy netijesinde daşary ýurtlara iberýän önümleriniň möçberini hem ýylsaýyn artdyrýar. Biz şeýle hem güýz-gyş paslynda, ýurtda elektrik energiýasyna islegiň artýan wagtynda Owganystanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny ibermäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Duşuşykda goňşy Owganystandaky ýagdaý hem ara alnyp maslahatlaşyldy, dünýäniň ençeme döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek babatda özara hereketleriň meselelerine garaldy. Olar bu ýurtda içerki ýagdaýy durnuklaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek boýunça ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Hökümetiniň hem-de ähli jogapkär we degişli owgan güýçleriniň arasynda asuda gepleşikleri ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýoly ýaly iri möçberli taslamalar, Türkmenistanyň owgan tarapyna iberýän elektrik energiýasyny birnäçe esse artdyrmaga taýýardygy, yzygiderli ynsanperwer kömekleri hem-de Türkmenistanyň başyny başlaýan beýleki birnäçe anyk ädimleri owgan halkyna ýeňil bolmadyk döwürde netijeli goldawyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 14—5-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahatyň 7-nji mejlisini geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

...Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde mähirli hoşlaşdylar. Olar taraplaryň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşyp, üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Täjigistan Respublikasyna saparyny tamamlap, Aşgabada tarap ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň