Soňky habarlar

Arhiw

Gassal Mussin: «Maksadymyz — nebit senagatynyň enjamlarynyň eksporty»

22:4403.11.2017
0
1412

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» halkara maslahatynda Gazagystanyň uly sergi pawilýony gurnalypdyr. «Turkmenportalyň» habarçysy bu pawilýon bilen tanşyp, Aktobe şäherindäki nebit senagatynyň enjamlaryny öndürýän zawodyň wekili Gassal Mussin bilen söhbetdeş boldy:

— Gazagystanda nebitgaz pudagy boýunça gerekli enjamlaryň 80 göterimden gowragy ýurduň özünde öndürilýär. Biz diňe enjamlaryň 20 göterimine golaýyny bolsa Russiýadan we Hytaýdan satyn alýarys. Şu işde-de Aktobe şäherindäki nebit enjamlaryny öndürýän kärhananyň mynasyp paýy bardyr.

Kärhana häzirki wagtda importuň ornuny tutjak we geljekde eksport üçin göz öňünde tutulýan enjamlary öndürýär. Biziň önümlerimize eýýäm Russiýadan birnäçe islegler hem bar. Biz şu sergi arkaly Türkmenistanda hem özümiziň hyzmatdaşlarymyzy tapjakdygymyzy ynnaýarys. Çünki Türkmenistan dünýäniň iň iri nebitgaz ýataklarynyň biri. Bize ýurduň özünde hem birnäçe enjamlaryň öndürilýändigini gürrüň berdiler. Muňa garamazdan, biziň hem türkmen nebitçilerine we gazçylaryna hödürläp biljek enjamlarymyz bar. Sergide, dogrusy, käbir edara-kärhanalar tarapyndan enjamlaryň aýratyn görnüşlerine islegler hem bildirildi. Biz geljekde bu islegleri nazarda tutup, olaryň hyzmatdaşlyk babatda gepleşiklere öwrülmegi üçin elimizden gelenini ederis. Sergä ýollanan çakylyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň