Soňky habarlar

Arhiw

Halkara nebitgaz sergisinde geofizikler öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar

22:4303.11.2017
0
1301

«Türkmenportalyň» habarçysy Aşgabatda geçirilýän halkara nebitgaz sergisinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri bilen söhbetdeş boldy. Müdirlik nebitli ýataklarda geofiziki barlag işlerini alyp barmak bilen meşgullanýar. Müdirligiň baş geofizigi Gülnara Orazowanyň gürrüň bermegine görä, her ýyl müňlerçe guýuda barlag-gözleg işleri amala aşyrylýar. Şu ýyl bolsa täze Uzynada guýusynda gazuw we barlag işleri tamamlandy. Ýurdumyzyň nebit baýlygynyň täze çeşmeleriniň biri bolan bu guýy 7700 metr çuňluga uzaýar.

Bu işler müdirlige degişli ekspedisiýalaryň 6-sy tarapyndan alnyp barylýar.  Bu ekspedisiýalaryň hem her haýsy birnäçe toparlardan ybaratdyr. Esasan, guýularyň ýerleşýän ýerlerinde ýeriň gatlaklaryny öwrenýän, guýularyň ýarmlylygyny kesgitleýän müdirlik Russiýa Federasiýasynyň «KARAT» bellige alyş toplumy we «Oniks» programma üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edilen.

Müdirlik guýularda geofiziki barlag işlerini geçirip, şol barlagyň netijenamasyny degişli hünärmenlere ugradýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň