Halkara nebitgaz sergisinde «Daş Demir» hojalyk jemgyýeti nemes tehnikalary bilen tanyşdyrdy

22:4203.11.2017
0
2520

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» halkara maslahatyna we sergisine ýerli hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň hem birnäçesi gatnaşýar. Şolaryň biri-de «Daş Demir» hojalyk jemgyýetidir. Onuň ýaş hünärmenleri bizi öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar. «Daş Demir» hojalyk jemgyýeti Germaniýanyň «Liebherr» kompaniýasynyň tehnikalaryny ýurdumyza getirmek we müşderilere satmak bilen meşgullanýar. Hususy telekeçilik işi bilen indi 10 ýyldan bäri meşgullanyp gelýän bu kompaniýa, esasan, gurluşyk we ýol gurluşyk tehnikalaryny öndürýär.

— Biz öz müşderilerimize Aşgabatdaky we welaýatlardaky satuw we bejergi merkezlerimizde hyzmat edýäris. «Liebherr» tehnikalary bütin dünýäde döwürleriň synagyndan geçen. Olar häzirki zaman gurluşyk senagatynyň iň kuwwatly tehnikalarynyň hatarynda. Şonuň üçin ýurdumyzda hereket edýän ýerli we daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary tarapyndan bu tehnikalara isleg ýokary derejede. Bahalaryň amatly bolmagy, satyn alyşyň dürli ýeňillikli ýollary we kepillik biziň işimiziň esasy aýratynlyklarydyr — diýip, «Daş Demiriň» ýaş hünärmenleri gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň