Soňky habarlar

Arhiw

Farid Al Haşimi: «Dragon Oýl» — Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky 15 ýyllyk hyzmatdaşy""

22:4003.11.2017
0
3018

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» halkara maslahatynyň we sergisiniň çäginde «Turkmenportalyň» habarçysy «Dragon Oýl» kompaniýasynyň wekili Farid Al Haşimi bilen söhbetdeş boldy. Şonda jenap Haşimi şeýle gürrüň berdi:

— «Dragon Oýl» Türkmenistanda 2001-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda biz türkmen nebitçileri bilen, esasan, Balkan welaýatynyň çäklerinde köp sanly işleri alyp bardyk. Hazar şäheriniň çäklerinde ýerleşýän nebitli ýataklardan «gara altyn» çykarmakda mynasyp paýymyzyň bardygy bizi begendirýär.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan «Dragon Oýlyň» diňe bir ygtybarly hyzmatdaşyna däl-de, ýakyn dostuna öwrüldi. Bize şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hemaýatkärleriniň hataryna goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin hem Türkmenistanyň hormatly döwlet Baştutanyna çäksiz hoşallyk bildirýäris. Kompaniýa Hazar şäherinde nebitçiler üçin ýörite şäherçäni gurmak işlerine hem gatnaşdy.

Bulardan başga hem jenap Haşimi 22-nji gezek geçirilýän halkara sergä gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtap, kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýan ýyllarynda bu sergä yzygiderli gatnaşyp gelýändiklerini aýtdy.

— Her gezek hem uly toýa taýýarlyk gören ýaly sergä taýýarlanyp, täzelikler bilen gelmegi maksat edinýäris. Çünki bu sergi we maslahat Türkmenistanda nebitgaz pudagynda gazanylanlaryň aýdyň görkezijisidir. Eger bu gün dünýäniň bir künjeginde türkmen nebitinden peýdalanylýan bolsa, şu asylly işde öz paýymyzyň bardygyny duýmak, bizi begendirýär. Sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna ýene bir ýola hoşallyk bildirýäris — diýip, söhbetdeşimiz beren gürrüňleriniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň