Soňky habarlar

Arhiw

Ankara şäherinde türkmen diline bagyşlanan maslahat geçirildi

20:5503.11.2017
0
2309

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe uniwersitetinde “Türk lingwistikasynda kesgitleme we hasaba alma: Halkara türkmençe ylmy barlaglar” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Iki şanly senä – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna we Hajettepe uniwersitetiniň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan maslahat bilen ugurdaşlykda hormatly Prezidentimiziň neşir edilen ylmy hem-de çeper eserlerini we milli medeniýetimiziň käbir ugurlaryna degişli nusgalary özünde jemleýän sergi hem guraldy.    

Bu ylmy çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryndan ybarat wekiliýet gatnaşdy. Ylmy maslahata türkmen dilçileri bilen birlikde köp sanly ýerli türk alymlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Germaniýa Federatiw Respublikasynda, şeýle-de Owganystanda türkmen dilini ylmy esasda öwrenýän hünärmenleriň birnäçesi gatnaşyp, özleriniň ylmy nutuklary bilen täsirli çykyş etdiler. Maslahatyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy we gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Şeýle-de maslahatda Hajettepe uniwersitetinden başga-da, Türkiýäniň Stambul, Atatürk, Mugla Sytky Koçman, Sakarýa, Bartyn, Akdeňiz we Artwin Çoryh uniwersitetleriniň mugallymlarynyň türkmen diliniň wajyp meseleleri hakyndaky nutuklary diňlenildi. Maslahatyň dowam eden günlerinde oňa gatnaşyjylar üçin özara söhbetdeşlikler guraldy, dürli ýurtlaryň uniwersitetlerinde we beýleki okuw mekdeplerinde türkmen diliniň öwrenilişiniň hem-de okadylyş usullaryny kämilleşdirmek barada özara pikir alyşdylar.

Türkmen dili boýunça işleýän Türkiýedäki hem-de beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler iki jiltden ybarat “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” elektron nusgasy bilen üpjün edildi. Üstümizdäki ýylda Ankarada türk dilinde “Örnekli Türkmençe Gramer” atly gollanmanyň çapdan çykandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň