DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyga saýlanmagy mynasybetli maslahat geçirildi

20:5403.11.2017
0
2052

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyga saýlanmagy mynasybetli Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň “Türkmenistan we global energetika bazary”, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suhanowyň “Türkmenistan we Energetika Hartiýasy: dünýä energetika bazarynda bähbitleriň sazlaşygy ”, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň Döwlet gurluşynyň konistitusion esaslaryny ösdürmek bölümçesiniň başlygy Aýgözel Nurlyýewanyň “Energetika diplomatiýasynyň hukuk jähtleri” we beýlekileriň täsirli çykyşlary maslahatyň içinden eriş argaç bolup geçdi.

Mälim bolşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyga saýlanmagy bilen baglylykda , 2017-nji ýylyň  30-njy maýynda  Energetika howpsuzlygyny  we durnukly  ösüşi üpjün etmek barada çarçuwaly ylalaşygy ýola goýmak  bilen baglanyşykly Energetika Hartiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirilipdi. Maslahatda halkara energetika  hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.   Aşgabat duşuşygynyň dowamynda energetika pudagynda ekologiýa, energiýa serişdelerini tygşytly hem netijeli peýdalanmak, energiýa serişdeleriniň  üstaşyr geçirilişini üpjün etmek, hukuk meselelerini çözmek bilen bagly meseleler dogrusynda oňyn çözgütler kabul edildi. 

“Türkmenistanyň Energetika  diplomatiýasy: Energetika Hartiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi” atly ylmy-amaly maslahat öz işini Türkmenistanyň Energetika  diplomatiýasynyň esasy ugurlary, Agrar energetika howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň tutýan orny ýaly bölümçelerde öz işini dowam etdirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň