Türkmenistanda Halkara nebitgaz forumy açyldy

10:5203.11.2017
0
7422

2-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar.

Iri nebitgaz forumy nobatdaky gezek alymlary we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.

Şu ýyl Sergi merkezinde dünýäniň 16 döwletinden — Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Malaýziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Niderlandlaryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň kompaniýalarynyň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň esasy bölümlerinde nebitiň we gazyň geologiýasy we geofizikasy; nebitgaz känlerini gözlemek we çykarmak; guýulary burawlamak we ulanmak; çykarmak we gaýtadan işlemek; ibermek we saklamak; nebiti çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň täze usullary nebit we gazhimiýa üçin tehnologiýalar; gaz, nebit we nebithimiýa pudaklary üçin enjamlar; guýulary burawlamak we düýpli abatlamak üçin enjamlar, gurallar; kompozit we çalgy serişdeleri; turba geçiriji we kadalaşdyryjy enjamlar, armatura we onuň bölekleri; sorujylar, gysyjylar, pnewmatika, hereketlendirijiler, gidrawlika; nebitgaz toplumy üçin elektrotehniki enjamlar; kebşirleýji abzallar; ýangyna garşy howpsuzlyk, gorag serişdeleri we beýlekiler görkezilýär. Sergide ekologiýa ulgamynda täze işläp taýýarlamalara hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri ulgamynda geljegi uly işläp taýýarlamalara, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna degişli çözgütlere aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklary sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olar ýurdumyzyň örän baý nebit we gaz känleriniň özleşdirilmegini, şeýle hem ýokary girdejili önümleri öndürmegi amala aşyrýarlar.

Forumyň çäklerinde geçirilýän maslahata dünýäniň 40 töweregi döwletinden 164 halkara we hökümet guramalaryna, şol sanda şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýän 500-e golaý wekil hem-de diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşýar. Wekiliýetleriň köpüsiniň hatarynda degişli döwlet düzümlerine baştutanlyk edýän ýokary wezipeli resmi adamlar bar. Daşary ýurt ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar agentlikleri, neşir öýleri, internet-portallar forumyň maglumat üpjünçiligini amala aşyrýarlar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” Halkara maslahatynyň we serginiň wekilleri üçin Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça bina edilýän gazy gaýtadan işleýän zawodyň meýdançasyna gezelenç guramak hem meýilleşdirildi.

Sergi 4-nji noýabrda öz işini tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň