Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

22:4202.11.2017
0
6460

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna  iki günlük resmi sapary başlandy. 

Duşenbe şäherindäki “Kasri Millat” köşgünde  ýokary derejede ikiçäk türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýy hem-de geljegi nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda we beýleki birnäçe pudaklarda özara gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde Türkmen-täjik hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluň gurluşygy,  ynsanperwer ulgamda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ylym-bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk-de höweslendirmek hem-de iki döwletiň we halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmek ikiçäk gepleşikleriň esasy ugurlary boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany täjik kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, gol çekmäge taýýarlanylan iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň wajyplygyny belledi. Ol türkmen-täjik gatnaşyklarynyň tutuş toplumyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Prezident Emomali Rahmon Bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek hem-de iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmak ýaly möhüm meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini aýdyp, Täjigistanyň we Türkmenistanyň iri düzümleýin taslamalary,şol sanda ulag we energetika ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini nygtady. Durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan şeýle taslamalara, ikinji nobatda, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy degişlidir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmaga hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Prezident Emomali Rahmon uly geljege eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilik başlangyçlarynyň ählisini hemişe goldandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona täjik topragynda mähirli garşylanandygy hem-de netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, täze ugurlara çykmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde bu duşuşygyň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz emele gelen ynam we özara düşünişmek derejesiniň bize öz gatnaşyklarymyzy uzak geljege nazarlap ynamly guramaga, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni- ynsanperwerlik ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýy gepleşikleriň aýratyn meselesi hökmünde görkezip, goňşy ýurtdaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler, bu ýurduň ähli jogapkär hem-de oňyn güýçleriniň gatnaşmagynda giň umumymilli gepleşikler esasynda kadalaşdyrylmalydygyny wagtyň görkezendigini belledi.

Biz Owganystanyň hökümetine işjeň halkara goldawynyň berilmeginiň, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagyna, hususan-da, energetika we ulag ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda ýardam berilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzirki wagtda ynsanperwerlik ugry, Owganystanyň halkyna kömek bermegiň möhüm meselesi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan degişli halkara düzümleri bilen has ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Ulag ulgamy häzirki wagtda Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň gürrüňsiz ileri tutulýan ugrudyr. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara laýyklykda biz Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň gurluşygyna girişdik. Onuň Atamyrat—Ymamnazar—Akina ilkinji nobatdakysy 2016-njy ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu geçelgäniň Owganystanyň çäklerinde ösdürmegiň bilelikdäki mümkinçilikleri öwrenilýär.

Döwlet Baştutanymyz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, şu ýylyň 28—29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň wekilçilikli toparyny onuň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekýärler.

Şeýle hem harytlar eksport we import edilende, işler we hyzmatlar ýerine ýetirilende goşmaça salgytlary salmagyň ýörelgeleri hakynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda Ylalaşyga; Uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Maksatnamasyna; Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Jilikul raýonynyň “Ergaş Sultanow” daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny (binalar toplumyny) gurmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek hakynda Teswirnama; Aşgabat we Duşenbe şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Duşenbe şäheriniň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda Ylalaşyga; Lebap welaýatynyň (Türkmenistan) häkimligi bilen Hatlon oblastynyň (Täjigistan Respublikasy) Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Maýa goýumlary we döwlet emlägini dolandyrmak baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky “Täjikinwest” Döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

“Kasri Millat” köşgünden hormatly Prezidentimiz sapar mahalynda özi üçin niýetlenen Hökümet kabulhanasyna ugraýar.

Günüň ikinji ýarymynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hökümet kabulhanasynyň meýdançasynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi hem-de milli tagamlary bilen tanyşdylar. Sergide miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz täjik halkynyň milli Gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynyň baş meýdançasyna – “Dusti” meýdançasyna ugrady, şol ýerde uly ýadygärlikler toplumy guruldy. Ýadygärlige barýan ýoluň iki tarapynda hem Hormat garawulunyň esgerleri nyzama düzüldiler. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, ajaýyp döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samanidler Döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy muzeýiň direktory we muzeýiň işgärleri mähirli garşyladylar.

Binanyň umumy meýdany 24 müň inedördül metrden gowrakdyr. Gymmatlyklar 22 uly we kiçi sergi zallarynda ýerleşýär. Olaryň meýdany 13 müň inedördül metrden gowrakdyr. Olaryň hatarynda tebigat, gadymy hem-de orta asyrlar, täze we iň täze taryh, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungaty bölümleri bar. Muzeýiň gymmatlyklary üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar niýetlenendir. Olaryň hatarynda gymmatlyklar dikeldilýän barlaghanalaryň onusy bar. Şeýle hem ykjam sergi diwarlyklaryny ulanmak arkaly wagtlaýyn sergileri geçirmek üçin meýdançalar göz öňünde tutulandyr. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen multimediýa we maslahatlar zallary muzeýiň esasy wezipeleriniň birini – aň-bilim wezipesini çözmäge niýetlenendir. Muzeýiň gaznasy esasy iki bölekden – taryhy-ülkäni öwreniş hem-de şekillendiriş –amaly-haşam sungaty bölümlerinden ybaratdyr.

Binanyň aşaky gatynda ýerleşen zallarda Täjigistanyň tebigaty bölüminiň gymmatlyklary bar. Bu ýerde ýurduň çäginde tapylan hem-de çykarylýan peýdaly gazylyp alynýan zatlaryň nusgalarynyň uly toplumy goýuldy. Agramy 800 kilograma barabar bolan, daş ýaprajyklaryň 12 müňüsinden ybarat bolan “daş agajy” muzeýe gelýänlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Ösümlik dünýäsi Täjigistan Respublikasynyň howa zolaklaryna baglylykda, ösümlikleriň dürli görnüşleriniň gerbarileri arkaly görkezilýär. Geografiki, relýef, howa we beýleki kartalar çeperçilik taýdan bezelipdir. “Pamir”, “Çiliçorduhtoron”, “Daştijum”, “Gaplaň jary” we beýleki reňkli slaýdlar hem-de dioramalar ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. “Haýwanat dünýäsi” zalynda dizaýnerler tarapyndan taýýarlanan zatlar ýerleşdirilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Ahemenidler Imperiýasyna, Grek –Baktriýa döwletine, Kuşan patyşalygyna, Sasanidler we Eftalitler döwletlerine degişli arheologiki tapyndylar ýerleşdirilen zallara baryp gördi. Hususan-da, bu ýerde altyndan we kümüşden ýasalan gymmatlyklaryň nusgalary, Amyderýa gorunyň zatlary, dünýä meşhur Oks Ybadathanasynyň ýadygärliginiň maketi we tapyndylary, diwara çekilen bezegleriň bölekleri, agaçdan ýasalan gymmatlyklar, küýze önümleri hem-de şol döwürlere degişli lybaslaryň nusgalary görkezilýär.

Täjigistanyň taryhynyň dürli döwürlerine, şol sanda iň täze eýýama bagyşlanan mowzuklaýyn gymmatlyklar bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz görkezilýän gymmatlyklar, olaryň saklanyş şertleri we tehnologiýalary bilen gyzyklandy.

* * *

Şol gün Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti raýonynyň Medeniýet öýünde milli Liderimiziň dostlukly ýurda resmi saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary, ýerli häkimiýet edaralarynyň, iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň