Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

03:0527.10.2017
0
6113

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň zawodlary we infrastrukturalary gurmak boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň belleýşi ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň günlerinde ol türkmen halky bilen bu beýik şatlygy paýlaşýar. Ýapon halky hem türkmen halky ýaly, milli däp-dessurlara hem-de ata-babalaryň ruhy mirasyna çuňňur sarpa goýýar.

Myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ägirt gazananlaryna hem-de halkara derejesindäki belent abraýyna ýokary baha berip, iki ýurduň işewür toparlarynyň örän işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylda Ýaponiýa bolan saparynyň barşynda kuwwatly itergi berildi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzir Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň strategiki hyzmatdaşlardygyny, uzakmöhletleýin geljek üçin ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Munuň özi öňden gelýän dostlukly däpler hem-de işewür gyzyklanmalar, ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilik, iki döwletiň milli ykdysadyýetleriniň özara baýlaşdyrylýandygy bilen şertlenendir.

Duşuşygyň barşynda öňdebaryjy ýapon korporasiýasynyň ýolbaşçysy Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň gurluşygynyň iri maýa goýum taslamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň