Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýanyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

02:5927.10.2017
0
7735

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Cifal” toparynyň prezidenti we baş direktory Žil Remini kabul etdi.

Fransiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy. Žil Reminiň belleýşi ýaly, şu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak onda uly kanagatlanma döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan netijeli syýasatyň Fransiýanyň we umuman, Ýewropanyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirmegini şertlendirendigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, hatarynda “Cifal” kompaniýasy bolan dünýäniň iri kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny belledi.

Žil Remi dünýä işewürligi üçin ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşi bilen şertlendirilen türkmen bazarynyň örän özüne çekijidigini nygtap, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan uly möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge fransuz hyzmatdaşlaryň örän işjeň gatnaşmaga ymtylýandygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň