Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady

02:5727.10.2017
0
7742

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenilýän berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Mundan ýigrimi alty ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ösüşleriniň sarsmaz binýady tutuldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy.

Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Yaňy-ýakynda Aziýa sebitinde iň gözel, rahat we abadan şäherleriň biri bolan Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi halkymyzda şatlykly duýgulary, tolgundyryjy pursatlary, unudylmajak täsirleri galdyrdy, agzybirligimizi has-da pugtalandyrdy!

Eziz halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň ykdysady, medeni-durmuş babatda ösüşi gift gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär. Yurdumyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. Nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän hem-de ynamly öfte barýan döwletdigini ykrar edýän gift gerimli işler amala aşyrylýar.

Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Biziň täze maksatnamamyzyň baş wezipesi ýakyn ýyllarda döwletimizi öňküden hem berkitmekden, onuň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyft bähbitlerine oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goftşuçylyk syýasatyny alyp barýan garaşsyz döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar.

Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende göterilýän 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. 
Şu ýyl biziň döwletimiz bu Guramanyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.

Türkmenistanyň degişli döwürler iiçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna, Hat hem-de ösüş boýunça Komissiýasyna, Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna saýlanmagy, «Aziada - 2017: Parahatçylygyft we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jamamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradylmagy, şeýle hem V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde bu Guramanyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnamanyň kabul edilmegi aýratyn guwandyryjy wakalardyr. Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň - berkarar Watanymyzyň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakdan ybarat bolar.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýram - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň