“Çalyk Holdingiň” başlygy hormatly Prezidentimize bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi

02:5627.10.2017
0
9611

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türk işewüri döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, köptaraply işlerinde üstünlikler, şeýle hem türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdy. Ajaýyp üstünlikler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilikli we netijeli “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan özygtyýarly döwletiň başlangyçlary ählumumy guwanç döredýär. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünliginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany hem-de Türkiýäni berk dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň, asyrlaryň çuňluklaryna siňip gidýän taryhyň, ruhy-medeni däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Türk kompaniýalary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen Lideri durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion häsiýetli senagat düzüminiň kemala gelmegine hem-de durmuş ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtap, iri döwlet taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gurluşyk holdinginiň işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Türk işewüri köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam edip, ýurtda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagyň öz kompaniýasy üçin belent hormatdygyny nygtap, birnäçe bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk has-da netijeli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna türkmen döwletiniň Baştutanyny ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň