Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat” sport toplumynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy boldy

02:5027.10.2017
0
12282

«Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzyň baş baýramyna -- Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk dabarasy boldy. Agşam bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. 
Sport meýdançasynyň merkezinde dabara gatnaşyjylar “XXVI” diýen ýazgyny emele getirýärler. Bu sene ýurdumyz üçin möhüm ähmiýeti bolan nyşanlaryň, türkmen topragynyň we döwletimiziň gymmatlyklarynyň merkezinde şekillendirildi. Stadionyň meýdançasynda täsin türkmen halylarynyň gölleri, Nusaý ritonlary hem-de Hazaryň kenaryndaky ajaýyp Awazanyň nyşanlary peýda bolýar. 
Stadionda dowam edýän baýramçylyk dabarasyna çagalar we ýetginjekler tans toparlary goşulýarlar. Çagalar dürli milli oýunlary görkezýärler. Stadionyň meýdançasynda deprekçileriň ýerine ýetiren joşgunly kompozisiýasynyň astynda paýtagtymyzyň meşhur binagärlik desgalarynyň, şol sanda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalaryň şekilleri görkezilýär. “Ak şäherim Aşgabat” atly meşhur aýdymyň owazynyň astynda tans toparlarynyň joşgunly çykyşy bu sahna özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu aýdym Garaşsyzlyk ýyllarynda ajaýyp ak mermerli şäherimiziň hakyky aýdym-saz nyşanyna öwrüldi. 
Stadionyň ylgaw ýodalarynda türkmen halkynyň asyrlar boýy buýsanjy bolan, dünýä ýüzünde egsilmez şöhrat gazanan meşhur ahalteke bedewleri peýda bolýar. Deňsiz-taýsyz, behişdi bedewleriň owadanlygyna, ýyndamlygyna, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde örän çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çakganlygyna haýran galan tomaşaçylar olary el çarpyşmalary bilen hormatladylar. 
Joşgunly sazyň owazynyň astynda stadionyň meýdançasynda türkmen türgenleriniň – sportuň dürli görnüşleriniň ussatlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany” diýen köpöwüşginli çykyş ýaýbaňlandyrylýar. “Läle kakyp tans oýnalyň Garaşsyzlyk toýunda” atly kompozisiýa şanly baýrama bagyşlandy. Horeografiki sahna gatnaşyjylar däp bolan gyzlar tansyny ýerine ýetirip, özleriniň sazlaşykly hereketi bilen sahnanyň gözelligini has-da artdyrdylar. 
Baýramçylyk maksatnamasyny dowam etdiren “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly edebi-sazly kompozisiýasynda türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza wepalylyk duýgusy, buýsanjynyň çuňlugy şöhlelendirildi. Dutaryň jadylaýjy owazy ýaňlanýar, stadionyň meýdançasyna özboluşly milli lybasly bagşylar çykýarlar. Olaryň çalýan sazyny “Aşgabat” stadionyna ýygnanan adamlar haýran galmak bilen diňleýärler. 
“Bagtyýar halk toý tutýar, Arkadagly Watanda” atly aýdym-sazly kompozisiýa ýurdumyzyň ähli sebitleriniň sungat ussatlary gatnaşyp, köp öwüşginli türkmen toýuna mahsus bolan ýagdaýy emele getirdiler. Iň gowy aýdym-saz toparlary yzly-yzyna özboluşly sahnalary görkezip, sungatyň dili bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada gürrüň berdiler. 
Dabara gatnaşyjylaryň stadionyň meýdançasynda emele getiren Türkmenistanyň köp reňkli kartasynyň şekili bu kompozisiýa özboluşly öwüşgin çaýdy. 
Baýramçylygyň ahyrynda däp bolan küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Onda dabara gatnaşanlar bir bütewi jemlenişip, öz giň göwrümli işlerini mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdiren milli Liderimiziň töwereginde türkmenistanlylaryň jebisleşýändigini şöhlelendirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň