Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

23:4826.10.2017
0
3730

Mejlisde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd bilen duşuşyk boldy.

Halkara guramanyň wekili parlamentarileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlap, ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we rowaçlyk barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ÝHHG-niň bähbitlerine doly kybap gelýär. Onuň Bitaraplyk derejesi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň oňyn şerti bolup çykyş edýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk pudaklary, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgam görkezildi. 
Umumy ykrar edilen halkara kadalaryny we ölçeglerini milli kanunçylyga hem-de hukuk ulanyş iş tejribesine ornaşdyrmaga gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar parlament edaralaryny ösdürmek babatda netijeli gatnaşyklary berkitmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň