Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysadyýetiň, medeniýet we durmuş ulgamynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi

23:2626.10.2017
0
5554

Paýtagtymyzda özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkara abraýynyň artmagyna uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we edaralaryň, olaryň düzümine girýän guramalaryň işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny hem-de hormat nyşanlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna hem-de Kararyna laýyklykda, zähmetde gazanan ýokary netijeleri, tutanýerli zähmeti üçin döwlet sylaglaryna we ýadygärlik nyşanlaryna hödürlenen watandaşlarymyzy sarpalamak ýurdumyzda öz işiniň ussatlaryna aýratyn hormat bilen garalýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Olar ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmekde öz tejribesini, bilim başarnygyny gaýgyrman, mynasyp görelde görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen dabaranyň barşynda şanly sene—Garaşsyzlygyň 26 ýyllygy hem-de sylaglar mynasybetli mähirli gutlaglar aýdyldy, bagt, abadançylyk, saýlanyp alnan kärde täze üstünlikler arzuw edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň