Soňky habarlar

Arhiw

"Turkmenportalyň" söhbetdeşi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolanlar

22:0926.10.2017
0
2591

Sapar Saparow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Talyplar sport klubynyň başlygy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat teleradio studiýasynyň hojalyk boýunça hünärmeni:

— Men ýokary bilimi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda aldym. Talyplyk ýyllarymda okuwdan daşary «Sport» teleýaýlymynda işläp, ýurdumyzyň sport durmuşy bilen bagly gepleşikler tapgyryny taýýarladym. Bu işimi ýokary okuw mekdebiniň uçurymy bolup, zähmet ýoluma başlan wagtymda hem dowam etdirýärin. Ýakynda bolsa paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň birnäçe görnüşi, hususan-da, sambo boýunça ýaryşlary milli teleýaýlymlarymyz arkaly teswirlemäge gatnaşdym.

Mälim bolşy ýaly, öz Watanymyzda geçirilen sport baýramçylygynyň maksatnamasyna girýän görnüşler boýunça teswirleýjileriň ýörite okuwlary geçirildi. Olara ýaşlaryň arasynda isleg uly boldy. Çünki teswirleýjilik hünäriniň muşdaklary üçin öz ýurduňda geçirilýän halkara ýaryşyň teswirleýjisi bolup gatnaşmak uly bagt. Okuwa isleg bildirilen ýaşlaryň arasyndan iň ukyplylary seçilip alnyp, ýörite okuwlar geçildi. Şeýlelikde, olar oýunlaryň dowam edýän günlerinde «Aşgabat 2017» Aziýa oýunlaryny teswirlemäge gatnaşdylar. Aşgabat Aziadasy biziň hiç haçan ýadymyzdan çykmaz. Onuň ýüreklerde goýan ýakymynyň üstüni bolsa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen gowşurylan şu ýadygärlik nyşany ýetirdi. Bu nyşan «Aşgabat 2017-niň» ähli teswirleýjileriniň zähmetine berlen ýokary bahadyr. Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň